Gowulyk
Gowulyk gowy adamda,
gowy gowulyk çykanda,
ýüregin sözlände adam,
ýa aglanda aglamala,
ýa gülende ýüreginden,
ýylgyranda iň bolman,
ýaz kalbyny görkezip,
gara gyşdan basylman;
gowy adam gowulyga guwansa,
gabanmasa gowulygyn özgäniň,
emmaki bu berilmeýär her kime,
köşk gurunsyn ýa-da gurunsyn küme,
erbetlik erbet adamda,
erbet erbetligi çykanda onuň,
söz bilen ýa iş bilen,
ýa-da ýylgyranda ýasama, ýalan,
ýa gülende ýüreginden, içýakgyç,
başga birniň betbagtlygna, şumuna
gowy bolmak bagty, meger, adamyň
(belki, bagly palçygyna, gumuna),
a erbetlik ýaşan ýaly
ömür gara düýş bilen.