Wagtynda aýdylmadyk söz
Birlerini birazajyk sylamak,
hormatlamak azda-kände,
işlän bolsa otuz ýyllap,
başyny etegne salyp,
pul talap etmeýär asla,
çykdajysy ýok onuň,
emma birin, kesbi-kärin kemsidip,
aýdaly, žurnalist bolsa,
çygyrak, bagyrak diýip,
ýa-da diýip biziň ilde
ne ýazyjy, ne şahyr bar,
ne bar diýip okara zat,
dalamak üçin dilde,
hem özüňi asmak üçin asmandan,
megerem bolmaly hassa.