Surat

Ekilen ekin

Ekeniňi orarsyň,
arpa sepip, bugdaý oran bolmanmyş,
bolmajak, belki, hiç haçan,
”Alla“ diýýär kowan, gaçan.

Emma alla tomaşaçy aglaba,
sen çagaňa ýalany,
ýaltalygy öwretseň,
ýa öwretseň ikiýüzli,
iki sözli bolmagy,
soň öwretseň berim berip,
alyp bolýanyn baha,
ogurlygy öwretseň,
galyp bolýanyn ýokaryk,
dogry däl, egri ýol bilen,
soň görkezseň ýüzi bekän kezzaba
el çarpyşyn, baş egişin milletiň,
Şekspiriň oýny ýaly,
elini däl, aňyn daňyp ömürlik,
gujagyna ataransyň minnetiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024