Surat

Ezijiniň bilimi

Halky tabyn etmek üçin,
dogry edip bilmeseň,
düzüw ýola salmasaň,
aç it edip saklamaly,
ogry etmeli hökman,
tutar ýaly islän wagtyň,
urar ýaly taýaklap,
ýesir eder ýaly ogul-gyzyny,
tabyn bolar şondan soň ol,
para berer her ädimde,
hatda öz agzyndan kesip,
hem ýalbarar: "Jan agam,
geç ganymy bir çemçe!"
Halky tabyn etmek üçin
etmek üçin aýagasty,
görmeli däl hiç kimçe,
sapagy bu asyrlaryň ,
başagaý etmeli ony,
saklamaly aç, alaçsyz,
halkyny gul edenleriň
tas hemmesi bilýär muny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024