Surat

Açlygyň sebäbi

Altyn pursat ýitirildi,
ýitirildi altyn sagat,
altyn günler, aýlar, aňsat,
ýitirildi, ýele gitdi
onýyllyklar altyndan sap.

Sebäbi olary gysgandy göýdük,
tiresi göýdükler, belki,
rowa görmedi ile, millete
altyny däl, kümüş, misi,
ýygnap ýanna pisden-pisi,
"Altyn asyr" diýip gygyrdy şondan,
altyn pursat ýitirildi,
ýitirildi altyn sagatlar, günler,
hem çalajan ýatyr indi,
çykyp bilmän bolmadyk hem gelmejek
altyn asyr aşagyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019