Surat

Başarsaň

Sen durmuşyň käsesi bol başarsaň,
şakäsesi, elbetde.
Gapjyk bolma pul salynýan,
hatda baýyň jübüsinde,
ýa beg çykan garybyň,
degişende döwür-döwran,
sandyk bolma altyn-kümüş,
zer gizlenýän halal-haram,
käsesi bol durmuşyň sen,
iň bolmanda kinniwanja,
hemem her gün çäýneginden bir damja
paýhas damdyr,
akyl damdyr içiňe,
hapa-sapa damdyrma,
hem aldama özüňi
zer çaýdyryp daşyňa,
sen durmuşyň käsesi bol başarsaň,
hemem dolup-daşyp bir gün,
erňegiňden daşyna
akyl çogdur azajyk,
paýhas çogdur azajyk,
çogdurma hiç bolar-bolmaz,
bizar eden sensizem kän,
ýa ýadadan närsäni,
sen durmuşyň paýhasy bol başarsaň,
artsyn ýerde bolman ýeke är sany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019