Surat

Pikir etme

Pikir etme dogry durmuş
dissidente gerek diňe,
ol çekilip biler gyra,
öldürilmän galsa bir gün,
ýa susdurar ony sürgün,
şondan soň ol öňküsi deý
gep aňlatjak bolmaz güňe,
ýa ker oýnun oýnaýana,
elin çarpyp haram hana;
pikir etme düzüw durmuş,
şahyra gerekdir diňe,
ýa ýazyja, žurnaliste,
girizilen gara liste,
olar yza çekilerler,
öldürilmän galsa bir gün,
ýa sem etse gara sürgün,
soňra olar öňküsi deý,
janyn ýakyp durmaz beýle,
çünki öňki hyjuw galmaz,
gün gijigip, bolsa öýle.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019