Uzakdan sögme
If you can’t save people, at least don’t hate them. Dunya Mikhail
Adamlary halas etmek aňsat däl,
gark bolsa, elini uzatman suwdan,
ýa çukura gaçsa, düýbi görünmez,
hem aşakdan gygyrmasa,
ýa gygyrsa, eşitmeseň sesini,
ýa eşidip elde ýüpüň,
ýa-da merdiwanyň bolmasa uzyn,
ýa wagtyň bolmasa olara asla,
öz işiň başyňdan agdyk,
ýa-da bolan bolsaň dagdy...
Adamlary halas etmek oýun däl,
sebäp her kim halas boljak bolmaly,
batga batsa, dyzamaly daşyna,
ýa düşürjek bolmaly
çommalany başyna,
arman adam çylşyrymly,
käte islemeýär halas bolmagy,
ýa islänin etmeýär ol,
çekilýär törüne çukuryň, gabryň,
ýa üstünde oturanyň
ýumşak ýerin sypalaýar,
çümmüklemek ýerine,
aman galjak ýaly el çarpýar irmän,
goja dünýäň haýryna däl, şerine.
Adamlary halas etmek aňsat däl,
belki-de at dakmak aňsat,
daşyndan bilmän ýagdaýyn,
özüň boşap duzakdan,
adamlara el uzatman bilersiň,
emma sögme uzakdan?!