Surat

Nadan üçin göreşme

Nadan üçin göreşme,
zaýalama sözüňi hiç,
iru-giç düşüner diýip,
galar diýip garysyna,
göreşme kellesiz üçin,
ýüreksiz üçin göreşme,
ýüreksizi depesine çykaran,
goý, otursyn aşagynda ölýänçä,
Alla diýsin, etsin sabyr,
ýaşadygy däl barybir;
nadan üçin ýazma ýeke setiri,
sebäp oňa goşgy gerek däl asla,
güýjüň ýetse, gazyş gabyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019