Surat

Bilinýän oýun

Alla altyn ýagdyrmaýar hiç kime,
depesinden, ýagyş ýaly, gar ýaly,
eçilmeýär köşgi-eýwan,
altyn çaýyp gümmezine,
gapdalynda öýün ýykyp başganyň,
alla däl ol, adam edýär bu işi,
kim türmede, kim ýesiri aş-nanyň.

Alla aldamaýar adamy geljek
ýa o dünýe gowy bolar seň üçin,
sabyr et-de garaş soňuna çenli,
kanagatly bol diýip,
wada berip jennet düýşi,
adam edýär bu işi,
baýlyk adamlaryň başyny aýlap,
gözüne güýdüşip gündiz,
agzyndaky aşyn alyp toplanýar,
gözi bilen gaşyn alyp toplanýar,
toplanýar ol ömrün ogurlap iliň,
ezip sada adamlary,
alla bardyr diýýän şindem,
hem garaşýan adalata asmandan,
alla altyn ýagdyrmaýar hiç kime,
goşa-goşa maşyn bermeýär gülüp,
goşa-goşa jaýlary,
aýallary goşa-goşa,
goşa-goşa hyzmatkäri
eçilmeýär ýaradan,
dogry ýoldan barýaň diýip,
ýa maşynsyz arýaň diýip,
bu adamyň işi öňden,
meger muny hem aldaýan,
hem aldanyp oýnaýan,
gowy bilýär senden, menden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024