Surat

Sen adamy özüne goý

Sen adamy özüne goý,
özüne goý ömrüni oň,
ölümini özüne goý,
begenjini, buýsanjyny,
söýgüsini, ýigrenjini,
gaýgysyny, şatlygyny
özüne goý adamyň,
özüne goý biparhlygyn,
ýa-da parhly bolsa senden,
boşlugyny özüne goý,
kaşlygyny özüne goý,
bolan bolsa doly senden,
bahyllygyn özüne goý adamyň,
özüne goý ownuklygyn,
beýikligin al başarsaň,
kiçeldip däl, uly bolup,
öwren bolsa gowulygyn,
mertligini al başarsaň,
ogurlap däl nusga edip,
ýa gaýtala, galmajak bol,
goltugyňda daş göterme,
baram bolsa salmajak bol,
ahmalyna garap bir gün,
pes bolsun ýa beýik bolsun,
sen adamy özüne goý,
adam boljak bolsa eger,
basgylaman başga birin,
sebäbi özi dogulsyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024