Surat

Gapma-garşylyk

Alla aňyn alarmyşyn adamyň,
jeza bermek islese,
gulagyny dykarmyşyn,
baglarmyşyn gözüni,
şondan hudaý gargana
zaýalama sözüňi.

Sen adama gygyrsaň,
göni gorpa girip gelýän,
özi bilmän ýa bilip,
ol başyny galdyrmasa,
eşitmese sesiňi,
eşitmedik bolsa ýa-da,
ýa-da düşünmese aýdýan sözüňe,
ýa düşünip aňlamasa
näme bilen iýmeli
seniň diýýän zadyňy,
ýa geýmeli näme bilen,
haýse ýerde, näme üçin,
hemem uçsa uçutdan,
kän uçulan özünden öň,
diýlenini diňlemän,
ýa eşitmän gygyrany,
ýa eşitmek islemän,
günäkärsiň, belki-de,
hem o diýen ýokdur günäň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024