Adam we ömür
Adam nämedigin bilmän ýaşaýar,
aňlaman ýaşaýar ömrüň manysyn,
soraman özünden ýaşaýyş näme,
ýa ýaşamak näme ýaşan mysaly,
eklenjek bolmakmy diňe,
ýa galmajak bolmak ilden,
näme geýse, geýjek bolup,
näme iýse, iýjek bolup,
münjek bolup näme münse,
boljak bolup iller ýaly,
iller näme aslynda,
adamlaryň topary,
nirä barýanyny bilmeýän käte,
ýa bilmeýän nirden gelýär,
ýa nämäni iş edindi, güýmendi,
ýa harç edýär ömrün nämä,
sanap berlen her sagady, her mindi?
Ömür näme, oýlanmaýar köp adam,
ýa degmeýär eli oňa,
ogurladyp ömrün her gün, her agşam,
a soň ýetýär ýa-da ýetmeýär daňa.