Özüňe dost bol
Maňa dost bolmanyň owarram, dostum,
gynanmaryn hatda duşmanam bolsaň,
ýa yzymdan daş zyňýana goşulsaň,
baş atsaň olara ertir hem agşam,
günüň üçin, elbetde,
ýigrenip däl meni çyndan,
sebäbi düşünýän adam
nämelere gitmeýär,
esasy zat - dost boljak bol özüňe,
maşgalaňa özüňden soň,
dowamyňa dost bol, dostum,
giç bolmasa ilki girip,
dar ýerlerden çykman galma,
özüňi ahmala salma,
şere şärik bolup uzak,
belki, muny aýtmasam-da aňýansyň,
goşgymy göwnüňe alma!