Alla hem adam
"Alla hemmesini görýär" diýýärler,
emma muňa ynanýan ýok,
ýa ynanýar köp ogurlan, köp azan
geçirjegne allanyň,
sebäbi ol geçirimli,
deň bolmaýar adam bilen,
azan bilen hiç haçan,
meger şondan aýdylypdyr:
’Alla’ diýer her gaçan,
hem kowalan yzyndan,
diýmek, olam tomaşaçy biz ýaly,
hem gaçanyň tarapynda,
hem kowanyň tarapynda,
hemem oňa hiç parhy ýok -
gutulanyň, tutulanyň,
ýa-da karam oýnanyň kän,
ýa-da haka ynananyň ýaşlykdan,
hemem soňsuz utulanyň.