Oýlanma
Men elinden ogşamadym atamyň,
Öpmedim elinden enemiň hatda.
Bilmedim bu oglanlykmy, hatamy,
Käte başym tutup oturýan ýatlap...
Men elinden ogşamadym hiç kimiň,
Çünki obam öwretmedi beýle zat.
Ýogsa basyp alnan, syndyrlan erkim,
Eger-eger däldim erkin ýa azat!
Men namaza egilmändim hiç haçan,
Metjide barmandym bir gezek-ýarym.
Emma ýüregimden uýýardym haka,
Iýmezdim rysgymy harama garyp.
Soňra basyp alynmadyk Türkiýe,
Türk doganym geldi Haksyz galmadyk.
Diýdi indi el gardyrma erkiňe,
diýdim orus möwritini soňlady.
A soň el öpüşlik başlandy, aman,
Gül düşeldi ogrybaşyň ýoluna.
Türküm, basyp alynmadyk hiç haçan,
Saldy bizi el öpmäniň alyna...
Biz diýipdik kömek üçin geldiler,
Özleri zar eken ýardama, zada.
Ateist ynsaply çyksa hajydan,
Kimden kömek sorap, bararsyň dada?
Men elinden ogşamadym atamyň,
Öpmedim elinden enemiň hatda.
Bilmedim bu oglanlykmy, hatamy,
Käte başym tutup oturýan ýatlap...
Bergen, 2000.