Surat

Türkmenler we agzybirlik

Eger türkmen diýýän bolsa
agzybirje bolaly,
bu aňladýar gulçulygy,
bir taraply, elbetde,
sen ol näme diýse, başyň atmaly,
ýa ýat diýse, aşagynda ýatmaly,
a soň onuň aşagynda ýatmagyň
uly bagtdygy hakda,
öňýetene ýetdirmeýän,
goşgy-gazal düzmeli;
eger türkmen diýýän bolsa
oňşuklyja bolaly,
pikir etme pikir aýdyp başgaça,
ylalaşyp ylalaşman,
düşünişip gezmeli,
hala gyş ýa ýaz güni,
bu aňladýar seniň başyň egmegiň,
hem depäňe çykarmagyň azgyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024