Türkmenler, hudaý we at-ýarag
"Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty, Şony belli biliň, ýokdur gaýraty." Magtymguly
Ata çykan türkmeniň,
ozal eşek ýetmedik,
bolsa elde awtomaty,
ýa nökeri beýnisiz kän,
Kalaşnikow göterýän,
iň öňürti iň ejiz,
ýetimleri çapar, talar,
naçarlary depelär,
haramhana gurup açyk,
soň adalat hakda, halallyk hakda,
hudaý hakda arasynda
nutuk sözlär uzyn, uzak,
sen oň köşgi hakda, otagy sansyz,
ýa-da beton jaýyň, suw çykmaýan hiç,
sorag berip bilmersiň,
çünki soramankaň jogaby belli:
oňa hudaý berýär baryn,
emma saňa berenok,
eger ol ýüzüňden ýörese atly,
ýylgyr bagtyň çüwen ýaly,
ata çykan türkmeniň,
ozal eşek ýetmedik,
bolsa elde awtomaty,
geň görme hiç bu ahaaly.