Adam aýtdy
Adam aýtdy: "Meniň kän
akylym ýok artykmaç,
saga-sola seçer ýaly,
emma beýle gömügem däl, bilýärin
bir eliňde saklap adam hukugyn,
beýlekisi bilen ogry-jümriniň,
öz ilini talap gelen,
ýa-da talan başgalary,
ýa ýalançy, kezzabyň
başyny sypaýan bolsaň,
saňa kimse ynanmaz,
ýa ynanar hapa işi bitýänçä,
wagtlaýyn, kiçi dilden, elbetde,
halallyk hakynda,
halk hakynda,
hak hakynda ýadaman
gürläp bolar tä ertirden agşama,
ýöne onuň netijesi
şu gelen ýerimiz bolsa,
ýa-da ähli ynam, iman
dirän bolsa diňe pula,
nämä gerek bu gürrüňler,
aýdylan bu ozal-öňden:
"Bula-bula, ber gula!"