Mekdep mukaddesdi...
Mekdep mukaddesdi, atam
kyrk alty ýyl gatnady,
KGB kowýança ahyr,
ogly üçin "başbozar",
mukaddesdi mollumçylyk,
iliň çagasynyň wagty,
bagty hemem gelejegi,
emma indi "edýär" ýerne
"etýär" ýazýan sapak berýär,
sapak berýär inçe bilen ýogynyň
sanyny soraýan arakesmede,
jogap bermek üçin okuwça soňra,
açdyrmajak bolup açylan sepin,
ýa-da jedel edýän ýan bermän asla,
"Hytaýyň paýtagty Ýaponýa" diýip,
diňlemän hiç kimiň delilin, gepin.
Okuw mukaddesdi, atam
okatjakdy ölýänçä,
emma okuw islemedi hökümet,
okuwsyzlyk isledi ol,
isledi ol tabynlygy,
gepsiz hemem gürrüňsiz,
diýmek, bisowady isledi diňe,
herne diýseň, sorag berip bilmejek,
ýa-da sowatlyny dymýan,
ýetmiş ýyllap gyrgyn gelse ölmejek.