Surat

Bu aýdylan, ýanjalan öň

Bu aýdylan, ýanjalan öň kän gezek,
birleri geplänok düşünmän asla,
näme bolup geçýär töwerek-daşda,
a beýleki dymýar aşa köp bilip,
yzynda durmaly gepleseň başda,
sebäbi gep ýa-da söz
gaty uçýar uçar guşdan,
bu aýdylan, ýanjalan öň kän gezek,
emma ýada düşýär diňe
namart oýnap ursalar,
aýlap-aýlap ýanbaşdan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024