Kanundan "k" harpy galmadyk ýerde
Kanundan "k" harpy galmadyk ýerde
kanun çykarýarlar ýene, ýadaman,
kitap kökün dören bolup,
soň oňa gol çekýär uly serkerde,
iň kän bozýan kadany,
depeleýän, basgylaýan keýpine,
diýýän ýaly başarsaň:
"Şu iň gowy keýp, ine!"
Hemem hemme kanuna däl, haka däl,
berime, peşgeşe çokunýar içden,
emel ýetse - ogurla, al,
kemsit garyp-pukarany,
sypaýy ýylgyran bolup,
ýa saçalap toý tut uly,
döwlet guşy gondy başa,
rysgalyňy açdy alla,
basylýançaň ýaşa, gomal,
özgäni däl, özüň aldap...