Bagyşla Baýramgülüm
Bagyşla Baýramgülüm,
açyk deňze çykdym gaçyp,
akman galan derýadan,
soň otlatdym gämilerim,
el uzatjak bolup yzda,
gara günde galan ile,
öňi hile, yzy hile.
Bagyşla Baýramgülüm,
ne men hoşlaşyp bildim,
ezizlerim gidende,
ne sen hoşlaşyp bildiň,
ezizleriň gidende,
agladyk alysda ýeke,
üýşüp aglaýarka teke.
Bagyşla Baýramgülüm,
bize durmak bolmaýardy,
galmak bolmaýardy onda,
akmajak ýap tolkunanda,
galan bolsak sähel gijä
ýuwutjakdy ýata suw,
ak guw bol ýa gara guw.
Bagyşla Baýramgülüm,
ejeň bilen kakaň indi
görüp bilmersiň baky,
mollumlygyň, söýen käriň
arman bolar ýürekdäki,
emma şükür, janly diwar bolmadyň,
iň egsige kagyz baýdak galgadyp...