Surat

Ret edip bolsa

Reject your sense of injury and the injury itself disappears. Marcus Aurelius

Ret edip bolsa käşgä
ýaralaryň ýürekdäki,
jigerdäki, gemre baglan,
arkaňdaky hanjarlary,
sapy döwlüp, ujy galan,
ýa awusy galan baky,
ýatlamasaň, ýok olar,
çekilýärler yza bolman,
gelmeýärler golaýyňa,
emma beýni bor-bolgusyz zatlary
alyp galýar ýazan ýaly ak daşa,
gara harplar bilen oýup, sünnäläp,
meger şondan gutulmak kyn,
ýaralaňdan ölmän ýaşap.

Inkär edip bilseň inkäri käşgä,
ýatlap ýörmän ýanyň ýere ýetinçä,
göterip gezmeseň her degen daşy,
gara gyýçak, gyrmyz ganyň saçalan,
yzy galan maňlaýyňda, ýeňsäňde,
etmek üçin seni baky öç alan,
ömür beýle kelte bolmazdy, belki,
arman muňa gelmezden öň
bir ömri ýitirýäň ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024