Ozal we häzir
Ol adam ozal başlykdy,
gürleýärdi agzy agzyna ýetmän,
hiç bilmeýän zady ýokdy,
hem diýeni geçýärdi,
ýalňyş bolsun ýa dogry,
işgärleri baş atýardy gürlemän,
sebäbi bilýärdiler,
onuň bilen gürleşmek
dialog däldi asla,
monologdy hemişe,
arasyna hiç kim düşmesiz entek,
ol otyrka kürsüde,
aýdyşy deý öňde birniň,
ol başlykka samsykdyň sen,
ýogsa-da işden gitmeli,
emma indi başlyk däl ol,
gürlemeýär öňki ýaly dyngysyz,
hemem hemme zady bilip duranok,
öňki ýaly ýeke-täk
eksperti oýnamaýar,
roluny çalşyrdy,
sebäbi düşünýär diýeni geçmän,
garşylykly pikir eşitjek hökman,
ol adam ozal başlykdy,
gelip bilýän ýokdy ýüzüne aňsat,
indi o döwür geçdi.