Surat

Pida oýny

Bu nähili beýle boldy bu dünýä,
sorady adam.
Adam öldürenem pida,
pida ýer urup ýerde
galan garyp obalylar,
şäherliler, jaýlary
ýykylan dikuçarly
uçandan soň ýokardan,
aglanam pida, alla,
pida gülen wakyrdap...

Bu nähili beýle boldy bu dnýä,
sorady adam.
Millionlap uranam pida,
hem çykaran daşarlaryk uranyn,
agtyk, çowlugyna ýetjek,
hemem pida armanly,
aç ölenler türmede,
bu nähili beýle boldy bu dünýä,
nädip alla bu zatlary görmedi,
ýa-da nädip satlyk boldy agalar,
ak sakgally, eý hudaý,
sakgal görsem ögeýärin indi men,
ýa sakgalam pidasymy dünýäniň,
hem şondanmy gazaýanym
her gün säher eňegim?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019