Surat

Esasy problema

Eger problema diňe problema bolsady,
belki ony çözýänler çözerdiler bireýýäm,
ýa-da azaldardylar,
ýeňlederdiler iliň
gün-günden agralýan ýüküni, derdin,
il-gün alkyşlardy el çarpyp çyndan,
problema çözýän merdin.

Eger problema diňe problema bolsady,
ony çözýän, çözjek bolýan,
ýa-da çözýänden bolýan
at edinip münýän ir säher, agşam
problema bolmasady problemadan beter,
problema çözmegi pişe edinip ýeser,
belki ony çözýänler,
ýa-da çözjek bolýanlar
ýüreginden, bagryndan
bireýýäm bar problema-çyrçygy
asardylar dar agaçdan,
ýa-da salardylar türmä,
gapysynda ýazylan
"Problema" diýip uly,
şeýdip problema yza teserdi,
azalardy iň bolman,
emma problema köpelýär barha,
iki-ýeke problema çözjegiň
azap-yhlasyny ýüzüne alman...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024