Magtymguly bilen ylalaşyk
Öz gadyryn özi bilmez adamdan, Ondan ki bir otlap ýören mal ýagşy. Magtymguly
Pyragy gaharjaň diýerdim ozal,
elbetde, içimden, daşa çykarsam
kakam käýejekdi gaty.
Emma durmuş görkezensoň
bir kem elli ýyllap şaty,
Beýik Pyragyny ýazgarmaýaryn,
sebäbi bilýärin özün sylamaz
sylamaýar ýakynyny, ýadyny,
emel ýetsin, ýetmesin,
edýär özün aýagasty her ýerde,
gorap bilmän mertebesin,
ýere salýar gözel adam adyny...