Milli buýsanç
Biziň milli sportumyz - bilýärin,
iň yza galsamam hatda,
para bermek, para almak,
iň kän alan öwünýär,
alanyny görkezip,
güjeňläp başarsa milli TW-de,
synagdan geçirip elin,
maşyn bolsa, at bolsa,
yza galan gynanýar,
türmä düşýär iň gowşaklar;
biziň milli sportumyz - düşündim,
para bermek, para almak,
at çapyşmak däl asla,
göreş tutmak däl asla,
ýa-da goşgy ýazmak däl,
sebäbi para bermeseň,
ýa-da almasaň gowy,
atyň bolmaz çapmaga,
ýa kitabyň çykarmazlar,
her naçe ýaz goşgyňy,
hemme ene-ata aňlaýar muny,
oňlaýar aksakgal aga,
öňki kommunistleň bary,
çagalar bagynda çaga,
alajy ýok ejesi ýa kakasy,
para bermän bärik gelip bilmeýär,
ýa mekdepde okuwçylar,
baha almaz parasyz,
ýokarlaryk çykmak üçin,
biziň milli buýsanjymyz - bilýärin,
para almak, para bermek,
men parasyz ölýärin!