Surat

Gowy ejeň bolmagy

Gowy ejeň bolmagy,
ýüregi owadan Aýdan,
dört klas bilimli, intellektual,
hem ýüz esse alym akademikdan,
partiýa ýaranyp, mantykdan gaýdan,
ýa ýazyjy-şahyrlardan,
tas bar zady ýalan aýdan,
hökümete ýallaklap,
gowy eken eziz ejeň bolmagy!

Gowy kakaň bolmagy,
bilim berjek bolan ile,
çagasyny para alman ulaldan,
dogry ýola saljak bolan,
saýlamagy öwreden
ajy hakykaty galplykdan süýji,
gowy eken eziz kakaň bolmagy!

Gowy agaň bolmagy,
ataň hakda gürrüň berýän,
’duşmany’ bolan halkyň,
hem bäş ýyllap agaç çapan tokaýda,
aklanýança, gelýänçä,
türmä düşseň - gelip göwnüň göterýän,
ejizleme hiç diýýän,
gowy eken eziz agaň bolmagy!

Gowy eken gaýynlaryň bolmagy,
gyzlaryny jandan eý görýän, belki,
hemem seniň arzuwyňa düşünýän,
emma sen ýitirip bilýärsiň muny,
tabydyny egne alman, ’waý, eje’,
’kaka’ diýip aglap ilden alysda,
mazarlarna gumuň ýetmän bir gysym,
eziz adamlaryň eziz çak-çenden,
hem düşünýäň basjak bolan gerdenden,
şol gowular üçin arkaňda duran,
tanky, topy bilen asgyndyr senden!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024