Surat

Heder

Adam aýtdy:
kommentleri okaýan,
özümiz hakdaky habar-gepleriň
aşagyndan ýazylan,
ilkiler Putindi umyt,
inçelse-dä käte juda,
stalinçi kgb,
uly dogan üstesine,
ýetişmeli agyr günde,
ezileni gutarmaly,
a soň hudaýa geçdiler,
garaşdylar alladan
delalata, goldawa,
emma hiç zat üýtgemedi,
bolmasa barha beter,
indi diňe sögünýärler,
gargaýarlar ýer urup,
aňyrsy ýok boşlukdan
barha kän edýän heder!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024