Surat

Kitap okalýan zat

Kitap okalýan zat,
bezeg däl diňe,
hatarlanyp goýulýan,
owadan tekjede, dulda,
sahypasy açylman,
kitap okalýan zat,
käte galamly
gyrasyna bellik edip,
şahyr bolsa okaýanyň,
ýa bolmasa akyldar,
ýa-da alym, parhy ýok,
kitap bolsa, barmaklaryň
ýagy siňmeli oňa,
kä dammaly gözýaş ýa der
sahypanyň ortasyna,
kitap okalýan zat,
okalmaly ol,
bolmanynda birki nokat,
ýa-da çyzyk goşmak üçin adamyň
beýni, ýürek kartasyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024