Surat

Problemaň üstüne git

Üstüne git problemaň,
gaçma ondan el-aýagňa tüýkürip,
aýalyňa bukulma,
çagalarňa bukulma,
bukulma garry ataňa,
ýa-da eneň pensiýasyna,
problemaň üstüne git,
gaçma ondan el-aýagňa tüýkürip,
barybir gutulmarsyň,
gorkdugyňça batyrdyr ol,
kowalar yzyňdan galman,
problemaň üstüne git,
meger ýerde bar bolsa,
şu bolar ýeke-täk ýoly
ony haýallatmaň, almaň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019