Surat

Şert

Gidýän ataň bilen hoşlaşmak üçin,
aýdym näme, söz näme,
bilmeýäniň aýdymçysy bolmaly,
läleçisi bolmaly,
küşt depmeli islese,
ýa oýnasa bäbek bolup,
sallançagyn üwremeli,
’emme’ diýse, tutdurmaly göwsüňi,
a soňundan hüwdüçisi bolmaly!

Gidýän ataň bilen hoşlaşmak üçin,
hem ugratmak üçin soňky ýoluna,
ataňdan öň özüň gitmeli ilki,
öldürmeli öz-özüňi,
mertebäňi atyp aýak astyna,
kim-kimleriň ýeňletmeli işini,
kim-kimden öň özüň çykyp kastyňa!

Gidýän ataň bilen hoşlaşmak üçin,
’beýik’ diýip gygyrmaly iň pese,
ýa diýmeli ‘päpeje’,
ýüz ýyl bäri el-ýüzün däl,
ýüregini ýuwmadyga,
bolşewigiň ganly elin
el edinen näkese,
bolşewigiň ganly dilin
dil edinen näkese
’gowy elli’ diýmeli,
’gowy dilli’ diýmeli,
gidýän ataň bilen hoşlaşmak üçin,
barmak üçin watanyňa bäş günlük,
bäş barmak garany çekip ýüzüňe,
bes etmeli adam boljak bolmagy,
hemem ömür öz başyňy iýmeli!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024