Galyň ýüz
Ýüzüň galyň bolsa başga,
ýokarlaryk çykaňdan soň,
ýuka bolsa gyzarar ol,
gara şaýy tapyp ýoldan,
alsaň hatda garap daşyň,
görmeýänin görüp kimsäň,
aşak salyp belent başyň.
Emma ýüzüň galyň bolsa,
beýle ejir çekmersiň sen,
goý, kösensin başgalar,
ekläp bilmän çagasyny,
seniň eliň bol bolar,
belki, altyn hajathana
aşagyňy ýyladar,
unudarsyň ýüzükleriň,
ýa maşynyň sanyny
talanyp alynan ilden,
emma hiç gyzarmaz ýüzüň,
galyň bolsa gowy ýeri,
saňa derek ýere girer
çörek iýýän döküp deri...