Surat

Hakyň diwary

Men bir garyş ýyksam hakyň diwaryn,
daşlaryny alyp gitsem öýüme,
ýa-da salsam "ýykma-pylan" diýenden,
elime ilen zady;
sen bir garyş ýyksaň hakyň diwaryn,
kerpiçlerin alyp gitseň öýüňe,
(jaý gereg-ä adam bolana ady);
ol bir garyş ýyksa hakyň diwaryn,
demir çybyk bilen ursa saklany,
hemem diýse "Barmy eşitjek dadyň?.."
Näme bolar, gardaşym?
Menem bilýän, senem bilýärsiň muny,
ol-da biler gümansyz,
çalaja garansa töwerek-daşyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019