Surat

Kömege hakyky mätäç adam

Biri kömek teklip etdi arada,
(gürrüň iş barada, ýazmak hakynda!),
ýuwdundym-da dymdym, çünki
kömek gerekdi örän,
emma dilim dişden aňyrda galdy,
tanaýardym bendäni,
başlyklary gowy görýärdi örän,
hem aşykdy pula, mala,
aýal-gyzdan öňürti,
aw bilýärdi çilimini, piwesin,
ýa-da kofesini kafede, barda
başga biri tölese,
indi gurply adam daşyndan görseň,
emma şindem pul sowanda
jübüsine agyr uzaýar eli,
megerem ol il derdini
ýazýana däl öljek bolup,
özüne kömek bermeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024