Täze baýyň pelsepesi
Adam boljak bolsaň uly,
mertebeli, sylagly,
parany gowy bilmeli,
gowy bilmeli puly,
sanamany ýatdan, görmän,
hem ysyny almany,
hapa puluň, ganly puluň uzakdan,
gül ysyny alan dek,
ylym gerek däl adama,
bilim gerek däl adama,
gerek däl hiç iman, ynam,
soňky çykan takallar,
puluň bolsa, ýaş-garry ýok,
gara ýa ak sakallar,
dyza çökýär öňüňde;
adam boljak bolsaň güýçli,
ýa gudratly alladan kän,
parany gowy bilmeli,
gowy bilmeli puly,
taryhy ýa şu güni däl,
gelejegi bilmeli däl,
bilmeli däl adamlaryň
beýigini, pesini,
sebäbi puluň bolsa,
kim bolsa bolsun, walla,
sem edýärsiň sesini;
puly bilmeli diňe,
hemem oňa hyzmat etmeli sadyk,
meger bolup nomer 1-nji guly,
depeläp ýa unudyp,
adama, ynsana mahsus
ähli geçilen ýoly.
Adam boljak bolsaň uly,
puly gowy bilmeli,
hemem ýüzüň galyň bolmaly örän,
talant gerek munuň üçin, elbetde,
hemmelere berilmeýän,
ýöne dogan günüňden,
ýa-da eneň garnynda
ilkinji eşiden, öwrenen sözüň
pul bilen para bolsa,
a soň dileg etseň namaz okaman,
ýa namazyň, orazaň,
din-imanyň bolsa pul,
bir ýerlere bararsyň,
çünki ýörän ýol alar,
umytly guş ýeter Käbä,
ýöne hudaý ýerine,
deregine ýaradanyň,
taňry ýerne pul diýmeli hemişe,
ýa alla ýerine diýmeli para,
uly adam boljak bolsaň,
boljak bolsaň uly ogry,
taýyn bolmaly hemişe
allanyň iň ezizini,
pägini çekmäge dara!..