Ullakan çaga
Çagalar oýnaýar, uly oýnaýar,
dogry, soňky az oýnaýar,
emma siňe seretseň,
oýun dünýe durşuna,
ömür oýun, ölüm oýun,
a adamzat humarbaz,
goýýar ol humara başyn,
uzak-uzak ýyllaryn,
men indi çaga däl diýip,
gara çyny bilen oýnaýar ýatman,
uludan-ullakan utuş yşgynda,
utsa, utulanyň hakyny iýip,
utulsa, elbetde, agyr,
kim türmede ýitýär,
kimse kögşünde,
galýar wagtyň aşagynda,
sebäp wagty saklamýar,
gowşatmaýar hiç bir ýazgy,
"Çagalar oýnaýar!" hatda,
çagalar oýnasa - bilýär düzgüni,
emma oýna gyzsa ullakan çaga,
düzgün näme, kanun näme, il näme,
hiç haýsysyn saklap bilmeýär ýatda.