Surat

Kilim bolmak meselesi

Dogry, her zat bolup biler durmuşda,
emma seniň özüň yrza bolmasaň,
ýa dymmasaň balyk ýaly,
başga birniň gürlärine garaşyp,
hiç kim seni meýletin ýa göwünjeň,
ýa mejbury basgançak,
aýagasty kilim edinip bilmez,
ýa-da eger aýakgaply palçyga,
hemem başga hapa basan köçede,
üstüňden arkaýyn geçýän bolsalar,
hem müýni, utanjy ýa-da haýasy
bolmasa basýanyň ýüzüňi aşak,
özüň günäkärsiň azajyk ýa kän,
ýa güýlensiň goýun ýaly göwnüňi,
ýa-da öz dyzyňdan salansyň duşak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024