Ýazyjy bolmak kyn
Ýazyjy bolmak kyn, çünki ol adam,
Ynsan bolmak bilen barabarrakdy.
Emma SSSR ýazyjylarnyň
Ynsanlyga uly dahyly ýokdy.
Görmek bolmaýardy ullakan türmä,
Zyndana öwrülen kiçi watany.
Partiýa islese (gürrüňi näme!),
Gaşyň çytman satmalydy ataňy.
Ýazyjy bolmak kyn, ýöne SSSR
Ýazyjylar soýuzynyň çleni
Bolmak kyn däldi.
Meger şondan onuň uzyn hatary
agzadan doldy...
Ah, kim-kimler bardy, ýatda däl indi,
Baýrakly hem atly adynyň yzy.
Kim näme döretdi, kim näme ýazdy,
Il däl, kesgitlärdi partiýa-kazy.
Ýazyjy bolmak kyn, çünki ol adam,
Ynsan bolmak bilen barabardy tas.
SSSR Ýazyjylar soýuzy –
Adamda adamy etdi basa-bas...
Oktýabr, 2008.