Surat

Gaýrat etmeli

Sen ölýänçäň gaýrat etmeli, meger,
mertebäňi goramaly,
goramaly agzyňy,
her hapany ýalamakdan,
diliňi goramaly,
her ýalany sözlemekden,
goramaly eliňi sen,
el çarpmakdan her ýalana,
goramaly gara başyň,
her egsige egilmekden,
ýylgyrmakdan goranmaly
aglamaly habarlara,
goranmaly ogurlyga
ýeke ýa-da köp bolup,
goşulmakdan alaçsyz,
ýa keýpine, adat diýip,
saklanmaly öz-özüni
alyp gaçmakdan salyp
düýbi deşik gara halta,
öz bolmaly ýeriňden,
har bolmajak bolup, har edip özüň,
ýaşamakdan goranmaly göreşmän,
meýletin ýykylyp, meýletin ölüp;
sen ölýänçäň gaýrat etmeli, meger,
sebäbi şondan soň seni ýalana,
zorluga, kemsitmä mejbur etjek ýok,
öldürip biljek ýok diniň ýa tiräň,
ýa-da ogurlanan watanyň üçin,
yzyna almasyn diýip,
sen ölýänçäň gaýrat etmeli, meger,
gurjagyň däl sahnadaky,
mertebäň papagyn geýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024