
Çylşyrymly ýönekeý
Wezipesiz adamlaryň,
okamadyk, diplomy ýok,
ýa-da okap, basgançakdan
dyrmaşmagy oňarmadyk,
ýa diplomy satyn alnan,
galdyrmadyk ýokarlaryk,
ýa-da içen, çeken, ýalta,
ýa başga zat, kiçigöwün,
zordan tapýan çöregini,
ýurtda bolýan, bolmaýana
dahylsyz ýa bigünäler,
täsiri ýok diýilýänler,
täsirsizmi dogrudan-da,
günäsizmi günäsizler,
diýýäň käte ýol ugrunda
bir ýönekeý adam gelip,
birniň külün sowuranda...
Dogry, pahyr, gün görmeli,
ýetişmeli köp müşderä,
çagasy kän, ýene-de müň
delil bardyr elmydama,
aklamaga adam oglun,
hem bu biraz çylşyrymly,
pida edip pidalary,
baýy, begi kanunlaryň
ýokarsynda goýmaly däl,
hem bu orun, boýun alsak,
degişli däl ýönekeýe,
soraň ondan ýönekeými,
sebäp bolsa ýanjak öýe?