Gutulmajak hassa
O bisowat pahyr, bilmän
gizlän bolup päl-niýetin,
bilinmeýän ýaly daşdan,
görünmeýän ýaly içi,
o biriniň öýkesini,
kemmagalyň orta ýolda,
gaharyny kemsidenden,
agzyndaky nanyn alyp,
o birine, hakyn gorap,
aýlyk alýan, jaýly bolan,
gönükdirjek bolýar, naçar,
köpbilmişiň bar bilýäni,
daşa çykman, içde ajar,
zäher bolar öz-özüne,
hassa bolup, em gözleýän
ilki bakar öz sözüne...