Oňyn bitaraplygyň ters tarapy
Biraz gowy ol ülkede,
biraz oňat bu ülkede,
diktatura saklansa-da,
ýalançylyk bolsa-da kän,
talaňçylyk bolsa-da kän,
sebäbi bar göreşýänler,
gürleşýänler açyk, açyk,
käsi gaçman, käsi gaçyp,
hakym diýip, heşdek diýip,
otdan, suwdan geçdik diýip,
biziňki dek tas hemmesi,
gürlejege garşy durup,
sagdan, soldan gapan gurup,
baş basyryp, ýatarly däl,
şonuň üçin ol ülkede,
bu ülkede kyn bolsa-da,
durmuş beýle hatarly däl.