Petikdäki petik
Öňe çykyp agyr günde,
agyr güne arka diräp,
tutarygy, baş delili,
agyr-agyr gürrüň edýän,
agyr-agyr meseläni
çözjek bolup, gijem bolsa,
agyr günde bir adama,
bir tarapa gara çalsa,
diýip karam eden şolar,
öz günäsin aýryp gyra,
akja jüýje boljak bolsa,
egindeşin, bile giren
kyn söweşe, ýeňmesi kyn,
aklan bolsa, hemmäň iren
durmuşyny ýeňletmeýär,
ýa çözmeýär meseläni,
bu bir häki hüňürdemek,
özüň içip zäher, başgaň
ölmegine garaşan dek.