Häkimlik derdi
Häkimligem içgi ýaly,
içgi näme, bilmeýäne,
içip-içmän serhoş bolup,
haýbat atýan diňleýäne...
Içeninden beter, pahyr
kellesini ýitirip kän,
edýän işi owal-ahyr,
özün açýar kemakyl han.
Çagalaryn ýa obasyn
ezip bilse göterilip,
etrap, şäher, sebit alsa,
häkim bolsa has ulurak,
has uludan azyp päli,
aglan görse, içi gülüp,
emel ýeten bolýar däli,
belki, ýeten oňa ölüp.
Hanlyk guran, şalyk guran,
imperiýa guran iller,
ýykylsa-da guran köşgi,
diwarlary gan üstünde,
Kap dagynda galýar düşmän,
häkim bolan öň bir zaman,
öz-özüne bolýar duşman.
Wezipe-de içgi ýaly,
wezipeliň är, aýaly,
ogly, gyzy, doganlary,
ýegenleri serhoş bolýar,
wezipesiz el-aýagy
daňlan ýaly çabalanýar.
Käbir serhoş ýol üstünde
heläk bolýar batyr, batly
hereketi bereketli,
beýlekisi aman galýar,
tötänlikden, kän azapsyz
ele gelen pul sowulýar,
mal sowulýar keýpi-sapa,
kim ol, näme, belli edip,
bir ýylda ýa iki günde,
käsi ölýär öz ýurdunda,
beýlekisi aç, sürgünde...
Diri galan, özi, nesli,
küýsäp gezýär häkimligi,
döwranyny, gören birçak,
iller aglak bolup, belki,
eger bolsa, goşun sürüp,
ýer-ýurt basyp alan ýaly,
guran ýaly giň şalygy,
ele ýarag alyp barjak,
gyrjak ili, oglan-uşak,
bir-birine edip duşak,
döwran sürjek ýene biraz,
hyýalyny açýar käte,
hakykatda nirde orny,
nirelerde galan bende,
boş çüýşäni basyp bagra,
öň pylandym diýýär men-de.