Ezilýän meselesi

Ezilýäni ezýäninden
gowy bolsa käşgä iliň,
talanýany talaýandan
gowy bolsa käşgä iliň,
aldanýany aldaýandan
gowy bolsa käşgä iliň,
urulýany urýanlardan,
gyrylýany gyrýanlardan,
okajagy okanlaryň
öňün baglap durýanlardan
gowy bolsa käşgä halkyň,
düzüw bolsa päl-niýeti,
ýa imanly bolsa biraz,
ezilýänler beýle uzak
ezilmezdi, aglamazdy,
ezýänleriň eli barha
güýçlenmezdi, baglamazdy
ähli ýoly daş üýşürip,
sakçy goýup arkasynda,
paç ýygnaýan bolup bary,
köýen ýaly ilden ary...

Ezilýäni ezýäninden
gowy bolsa käşgä iliň,
birleşerdi bäşlek, üçlek,
päli düzüw tapylardy,
köpelerdi goldaw berýän,
tomaşaçy bolman diňe,
galmazdy ýük ýol başynda,
iliň ýüki, arabasy,
tekerleri ogurlanan,
ogurlanan inerleri,
gowy bolsa il aglaba,
görünerdi baksaň siňe,
köp bolmazdy yza gaçyp,
gygyrýanlar diýip öňe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025