Surat

Adamdan haraý bolmady

"Delalat isleseň, ilden ne peýda." Zelili

Adamdan haraý bolmady,
tersine, zyýan boldy,
eli ýeten bir-birini talady,
dili ýeten kemsitdi,
ýa kiçeltjek boldy bolman,
adamdan haýyr bolmady,
emel ýeten uly boldy,
zelel boldy ullakan,
’sada halky’ 25 ýyl aldady,
ýa-da aldan boldy özüçe, dogry,
hem hiçisi ynanmady beýlekä,
dil bilen hiç düşünişip bolmady,
"ýok" ýokmy ýa "hawa" - hawa,
ýa tersine, belli däl,
düşünişjek bolan boldy haýasyz,
hemem bilip bolmady hiç,
kimler mamla, kimler asy,
eli güýçli urdy mydam,
çaga-çuga rehim ýok,
rehim ýok aýal-gyza,
garry ene-ataňa-da,
öli, diri sylanmady,
türme boldy gözel ýaýla,
zyndan boldy ak watan,
açlyk, gedaýçylyk geldi,
indi olar itden haraý gözleýär,
100 göterim, juda bolman,
100-de 60, 100-de 50...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024