Özüň saýlamasaň
Seniň özüň saýlamasaň, seçmeseň
aýtjak aýdymyňy, çaljak sazyňy,
gitjek ugruň ömrüň boýy,
adam bolup ýa-da bolman,
diri galyp, diri ölmän,
kim boljagyň ahyrynda,
ýa-da boljak boljagyň,
synanjagyň synag güni,
başga saýlar saňa derek,
başga seçer saňa derek,
hemem diňe etjek işiň,
ýa etmejek işiňi däl,
diýjek sözleriňi, belki,
salyp berer agzyňa,
’ýok’ diýesiň gelse, ’hawa’ diiýdirer,
egilmeli diýer dikeljek wagtyň,
ýa ’dur’ diýer gitjek bolsaň ýoluňa,
seniň özüň saýlamasaň özüňi,
ýa aň etmän, ýa-da tapylman gaýrat,
ýandak bilen süpürderler gözüňi.